• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan Beýik Britaniýa energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy teklip etdi.

    Fewral.28.2026

Türkmenistan tebigy gazy ibermegiň täze ugurlary, uzak möhletleýin şertnamalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky bilelikdäki taslamalar boýunça ýewropaly hyzmatdaşlar bilen anyk gepleşiklere taýýardygyny tassyklady. Bu barada daşary işler ministri Raşid Meredow Beýik Britaniýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen işewürlik kabul edişliginde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

R.Meredow Türkmenistanyň dünýäde iň iri tebigy gaz gorlarynyň birine eýedigini hem-de köp ýyllaryň dowamynda ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýandygyny belledi. Ýewropa döwletleriniň energetika strategiýalarynyň täzeden gözden geçirilýän şertlerinde täze üpjünçilik ugurlary, uzakmöhletleýin şertnamalar we gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamyny öz içine alýan beýleki bilelikdäki taslamalary boýunça netijeli dialoga taýýarlyk beýan edildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Orta geçelgäniň ösdürilmeginde hem-de ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinde ýurduň möhüm ornuny nygtady, munuň bolsa britan işewürleri üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika, nebithimiýa, oba hojalyk senagaty, tehnologiýalar we infrastruktura görkezildi.

Mundan başga-da, R.Meredow Türkmenistanda hukuk kepilliklerini, halkara arbitraž gurallaryny we ýörite ykdysady düzgünleri öz içine alýan amatly maýa goýum gurşawynyň yzygiderli kemala getirilýändigi nygtady.

Habaryň çeşmesi