
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjy edarasynyň, şeýle hem Italiýa Respublikasynyň we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň goldawy bilen guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dabara Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary hem-de işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar bu okuw maslahatynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, tejribe we bilim alyşmaga, sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde diplomatik tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag arabaglanşygyny ösdürmäge we halkara hukuk tertibini berkitmäge gönükdirilen BMG-niň köptaraplaýyn başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Maslahatyň esasy wezipeleriniň biri hem soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekden ybaratdyr.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we eýýäm öz netijeliligini subut eden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, agzalan Dialogyň nobatdaky duşuşygynyň şu okuw maslahatynyň çäklerinde geçiriljekdigi, munuň bolsa sebitiň ýaş liderleriniň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine hyzmat etjekdigi bellenildi.