• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.

    Iýun.29.2026

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy öz gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, şu ýylyň martynda bolan duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşylyp, ylalaşyklaryň gazanylandygy barada belleýär. Şol duşuşykda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ugurlar kesgitlenildi.

«Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin. Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn» diýip gutlag hatynda aýdylýar.

Habaryň çeşmesi