• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Maşgalam – baş galam

    Fewral.10.2024

“Maşgalam – baş galam” ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlar bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Milli ahlak ýörelgelerini we geçmiş mirasyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýan türkmen milleti maşgala binýadynyň berkligine bitewilügine aýratyn ähmiýet beripdir. Hut şu nukdaýnazardan hem ojak, duz, işik, tör ýaly sözler göni manysy bilen bir hatarda köp manyly häsiýete eýedir. Halkymyzyň maşgala gurmak, ogul öýermek, gyz çykarmak baradaky ajaýyp däp dessurlary dessanlarmyzyň, eposlarymyzyň içinden eris argaç bolup geçýär. Çagalaryň bagtly durmuşy – olaryň ýaşaýan ýurdunyň abadançylygydyr hem berkararlygydyr. Bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçlyk orta hünär okuw mekdebiniň medeni çäreler guramaçysy: A.Babanazarowa