• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

    Aprel.08.2024

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komiteti gurnamagynda Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu döwrüň ýaşlary innowasiýa, ylym, lukmançylyk, IT tehnologiýalary bilen gyzyklanýar. Biziň wezipämiz olary höweslendirmek we ösüşiň dogry ýoluny görkezmek bolup durýar. Biz işewürlik bilen meşgullanmaga, döretmäge we daş-töweregimizdäki dünýäni üýtgetmäge ukyply, başarjaň, sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmeli, – diýip, işewür-geňeşçi belleýär.şol sanda üstünlikli telekeçiler we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary diňleýjileri telekeçiligiň esaslary we öz tejribelerinden mysallar bilen tanyşdyrýarlar.