• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Göçme okuw sapagy guraldy

    Aprel.09.2024

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň buhgalter hasaba alnyşy we audit, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi hünärlerinde okaýan talyplar bilen göçme okuw sapagy guraldy.

Mekdebimizde geçilýän ykdysadyýet dersi boýunça guralan göçme okuw sapagy üçin welaýat merkezimizdäki pagta egriji fabrik saýlanyp alyndy. Sapagyň dowamynda mekdebimiziň mugallymy Aýa Gubaýewa we fabrigiň hünärmenleri talyplara kuwwatly kärhanada ykdysady işleriň guralyşy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem talyplar bu ýerdäki önümçilik işiniň tapgyrlary bilen hem ýakyndan tanyş boldular.

Mekdebimiziň mugallymlary tarapyndan şeýle göçme okuw sapaklary ýygy-ýygydan guralyp durýar. Mekdepde alýan nazaryýet bilimlerini önümçilik işinde synagdan geçirmek talyplarymyz üçin has ähmiýetli bolýar.

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Atajan Pirliýew