• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Önümleriň hiline gözegçilik etmek

    Aprel.25.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi dowam edýär. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde önümiň hiline aýratyn orun degişlidir.Öndürilen önümiň hiliniň umumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyklygynyň tassyklanmagy bolsa, sarp edijilere bu önümlere bolan isleginiň ýokarlanmagyna getirýär.Türkmenistanda halkara standartlary bilen bilelikde, olar bilen sazlaşýan milli standartlaryň hem bardygyny belläp geçmek möhümdir.

Dokma önümleriniň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmegiň esasy gurallarynyň biri hökmünde “ harydyň halkara standartlary” çykyş edýär. Bu ugurdaky işi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy ýerine ýetirýär. Halkara standartlar söwdada bar bolan tehniki bökdençlikleriň aradan aýrylmagyny, ähli gyzyklanma bildirilýän taraplar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Harydyň hili bu - harydyň sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak ukybyna degişli we onuň kadalaşdyryjy resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelýän aýratynlyklarynyň we häsiýetleriniň jemidir.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynda milli ykdysadyýetiň toplumynyň ähli pudaklarynda döwlet etalonlarynyň aýawly saklanmagyny, zähmet howpsuzlygyny üpjün edýän ýeke-täk ölçegler we ölçeg serişdeleriniň takyklygyny üpjün edýän döwlet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýörite nusgalyk enjamlaryň kömegi bilen bildirilýän talaplara laýyk derejede önümlere we harytlara barlag geçirilýär. Milli önümlerimiziň hiline gözegçiligi üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki olaryň hil görkezijileriniň gyssagly we anyk kesgitlenmegi ýurdumyzyň senagat toplumynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Goý, şeýle döwletli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ş.Haýytjumaýewa