• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Hünärli il ozar” atly bäsleşik.

2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny giňden wagyz etmek, ylymly – bilimli we döredijilik babatda giň dünýägaraýşly ýaşlary ýüze çykarmakda, saýlan hünär ugurlary boýunça ýiti zehin, ukyplaryny açyp görkezmekde, Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegine päk zähmeti, tutanýerli yhlasy bilen mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar ýaşlary ýetişdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kominikasiýa agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Hünärli il ozar” atly bäsleşik Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde dabaraly ýagdaýda geçirildi.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” döwründe her bir güni toýdur baýramlara beslenýän ýurdumyzda talyp ýaşlara öz bilimlerini, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek üçin, ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şulardan ugur alyp biziň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär mekdebiniň talyplary bilen özüniň zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler. Deňizçilik we Derýaçylyk orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan ähli ugurlar boýunça geçirilen bu bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolan Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň, “Logistikada operasion işi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Selbi Orazdurdyýewa özüniň taslamasy bilen hünär ugry boýunça başarnygyny görkezdi we gowy netijeleri eýelemäni başardy. Bu bäsleşigimizde Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Logistikada operasion işi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Enejan Çaryýewa 1-nji orna mynasyp boldy. 2-nji orna Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Nurjemal Bazarowa mynasyp boldy. 3-nji orna Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk okuw mekdebiniň “Kompýuter ulgamlarynda programirlemek” hünäriniň talyby Maksat Şükürullaýew mynasyp boldy. Şulardan ugur alyp Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Logistikada operasion işi” hünäriniň mugallymy Feruza Mowlýanowa özüniň talyplary bilen geçirilen bu bäsleşikli dabara özüniň goşandyny goşdy.

Şu pursatdan peýdalanyp bizi şeýle baky baharyň bagtyna, eşretli döwrana ýetiren, okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il ähmiýetli, ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.