• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Gyrgyzystan döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

    Awgust.13.2024

Gyrgyzystan “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Sanly ösüş ministri Nuriýu Kutnaýewa salgylanyp, “Kabar” milli agentligi habar berýär.

Ozal ähli döwlet edaralary özleri üçin bulut maglumat saklaýyş serwerlerini satyn alýardylar. “G-Cloud” döwlet bulut maglumat saklaýyş ulgamyny işe girizilmegi bilen, bularyň hemmesi döwlet maglumatlary işläp taýýarlaýan merkeziň meýdançasy bolar.

Döwlet maglumatlary işläp taýýarlaýan döwlet merkezi ýakyn wagtda açylar.

Bulut maglumat saklaýyş ulgamy, maglumatlary we faýllary internetde saklamak üçin wirtual gutydyr. Siz munda resminamalary we beýleki maglumatlary göçürip alyp, olara internet arkaly girip bilersiňiz. Adaty kompýuterlerde bolşy ýaly, bulut maglumat saklaýyş ulgamy faýllar bilen işlemäge mümkinçilik berýär: görmek, redaktirlemek we pozmak. Ýerli disklerden tapawutlylykda maglumatlar enjamda däl-de, üpjün edijiniň serwerinde saklanýar.

Üpjün ediji, maglumat saklanyş serwerlerini, infrastrukturany we torlary ygtybarly goraglylygy üpjün edýär we olary dolandyrýar. Şonuň esasynda maglumat size zerur bolanda, çäksiz we çeýe göwrümde girmäge mümkinçilik berýär.

Mysal üçin, bulut maglumat saklaýyş ulgamy – “Google Driver"-de resminamalar, suratlar, wideolar we beýleki faýllar saklanýar. Bulut maglumat saklaýyş ulgamy işewürlikde hem ulanylýar: mysal üçin, ulanyjy maglumatlaryny, amallaryny, surat we wideo mazmunyny saklaýarlar.

Habaryň çeşmesi