“LS Cable & System” (LS) kompaniýasy 7-nji awgustda optiki kabelleriň üpjünçiligi we olaryň önümçiliginiň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi.
Maslahata LS kompaniýasynyň optiki kabelleri satmak we öndürmek bölümleriniň wekilleri, şeýle hem "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygynyň orunbasary we infrastrukturany ösdürmek toparynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Taraplar bu mesele boýunça giňişleýin maslahatlary dowam etdirmegi, şol sanda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligini, şeýle hem ýakyn geljekde türkmen wekiliýetiniň Günorta Koreýadaky optiki kabelleri öndürýän LS zawodyna saparyny guramagy ylalaşdylar.