Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Pekinde geçirilen serhetüsti logistika boýunça seminara işjeň gatnaşdylar. Çäre iýul aýynyň 30-dan awgust aýynyň 12-ne çenli HHR-yň Söwda ministrliginiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Guramaçy hökmünde Halkara işewürleriň Akademiýasy (AIBO) çykyş etdi.
Seminarda ählumumy ösüş babatynda üstaşyr logistikanyň meslelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagyň bilermenleri, döwlet gullukçylary hem-de hürämenleri ýygnandylar. DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutyna uly mugallymlar Perhat Çaryýew we Gapbar Hallyýew wekilçilik etdiler.
Halkara söwdany we ykdysadyýeti ösdürmekde üstaşyr logistikanyň ähmiýetli ornuna üns bermeklik Seminaryň esasy purrsatlarynyň biri boldy. Dünýäniň has özara baglanyşykly ýagdaýa gelmegi bilen netijeli we täsirli logistika çözgütlerine bolan zerurlyk ýokarlanýar. Seminara gatnaşyjylar üçin öňdebaryjy tejribe we pikir alyşmaga hem-de üstaşyr logistika, şol sanda “Bir guşak - bir ýol” başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge meýdança döredildi.
Gatnaşyjylar serhetüsti haryt geçirmegi we hyzmat etmegi goldamak üçin ygtybarly logistik torlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de olar logistika pudagynda kynçylyklary aradan aýyrmak üçin hökümet arasynda, isleg bildirýän taraplaryň we halkara guramalarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurlygy barada aýratyn nygtadylar.
Seminara gatnaşyjylar üstaşyr logistika pudagyndaky soňky gazananlar we işläp taýýarlamalar, şeýle-de logsitika işleriniň netijeliligini we täsirliligini ýokarlandyryp biljek innowasion çözgütler we tenhologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Üstaşyr logistika pudagyna has düýp düşünmäge ýardam edip, geçirilen okuw sapaklar gatnaşyklary we bilim alyşmagy ýola goýmak üçin uly mümkinçilik döretdi.
Seminara gatnaşyjylar üçin kärhanalara baryp görmek çäreleri, Hytaýyň beýleki şäherlerine gezelençler, resmi şahslar bilen duşuşyklar we baý medeni makstanamalar gurnaldy.
AIBO tarapyndan geçirilýän seminarlar ykdysady dolandyryş, söwda we maýa goýum, şäheriň meýilnamalaşdyrylmagy we dolandyrylmagy, telekommunikasiýalar, port we içerki suw ýollaryny dolandyrmak, ulag, ösüş zolaklaryň gurluşygy, logistikany dolandyrmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, halkara zähmet hyzmtdaşlygy, şäher we obalaryň dolandyrmagynyň ösüşi, simsiz aragatnaşyk we sanly telewizion tehnologiýalar, arassa energiýa hem-de beýleki pudaklar boýunça meseleleri öz içine alýar.