«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky deňiz we derýa ulaglarynyň Kaspiý institutynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda Türkmenistan üçin deňiz we derýa ulaglary boýunça hünärmenleri taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Deňiz we derýa ulaglarynyň Kaspiý institutynyň müdiri Olga Kartaşowa institutyň işi, bilim meselelerinde ýaş hünärmenleri deňiz meseleleri boýunça bilim bermek maksady bilen durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.
Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler.