• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Maliýe ulgamynda QR-kody ulanmagyň halkara tejribesi

    Awgust.18.2024

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady.

QR-kod iki ölçegli inçe çyzykly kod görnüşinde (2D ştrih-kod) bolup, ol özünde dürli maglumatary jemleýär, “Quick Response Code” (“dessin tassyklanylýan kod”) diýip düşündirilýär hem-de mobil programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukubyny görkezýär. Ilkibaşda QR-kod hyzmaty bölek ätiýäçlyk şaýlary daşalanda, olary belgilemek üçin Ýaponiýanyň senagatynda ulanylyp başlanyldy. Birnäçe wagt geçen soň, onuň ulanylýan ugurlarynyň sany has hem giňeldi we häzirki wagtda QR-kod hyzmatynyň adamzat durmuşynda giňden ornaşdyrylandygyny görmek bolar.

QR-kodyň görnüşi :

QR-kod aşakdaky alamatlary özünde jemleýär:

1)Sanlar-7089

2)Sanlar we harpar (şol sanda kirillisa harplary)-4296

3)Jübütleýin kod-2953

4)Iýeroglifler-1817

QR-kod hyzmatlaryny ulanmagyň amatlyklaryna:

-hyzmata ýeterlik derejede uly göwrümli maglumatlary goşmak mümkinçiligi;

-okamak we skanirlemek üçin ýönekeýligi (meselem, ykjam telefonyň kömegi bilen), munuň özi maglumaty dessin elektron görnüşe geçirmeklige mümkinçilik berýär we maglumatlaryň el bilen girizmegini talap etmeýär (meselem: töleg geçirmek, salgylary ykjam telefon arkaly salgylar kitabyna goşmak, web salgylanmalara geçmek);

-haýsy hem bolsa bir sebäp bilen zaýalanan (üsti çyzylan, möhründe kemçilik bar bolan) kodlary okamaga mümkinçilik berýän hem-de bolup biläýjek ýalňyşlyklary düzetmek üçin algoritmiň bolmagy;

-şahsy QR-kod döretmek we okamak üçin ýöriteleşdirilen tölegsiz programma üpjünçilikleriniň bolmagy we beýlekiler degişlidir.

Häzirki wagtda QR-kod tehnologiýalary Aziýa ýurtarynda giňden ýaýrady. Demirgazyk Amerikada we Ýewropada kem-kemden ösýär. Ýaponiýada, Hytaýda we Hindistanda QR-kodlar giňden ýaýrap, söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satylan harytlaryň hemmesine goýulýar hem-de mahabat bukletlerinde we sorag-jogap nokatlarynda (sowalnamalarynda) ýerleşdirilýär. QR-kody ulanmaklyk maliýe we bank ulgamynda hem aýratyn meşhurlyga eýe boldy.

Hytaý Halk Respublikasynda QR-kodlary peýdalanmak arkaly töleg geçirmegiň giňden ýaýran görnüşlerine mysal hökmünde WeChat Pay (WeChat messenjeriniň kömegi bilen töleg geçirmek üçin töleg ulgamy) Alipay (Hytaýyň iň iri töleg ulgamlarynyň biri) çözgütlerini görkezmek bolar. Hytaýda 2017-nji ýylda jemi 18,5 trln. ABŞ-nyň dollaryna barabar tölegler we geçirimler QR-kodlaryň üsti bilen amala aşyryldy.

Hytaý Halk Respublikasynda QR-kod hyzmaty 2011-nji ýylda WeChat messenjeri uly meşhurlyga eýe boldy. Onuň aýratynlyklarynyň biri hem, her bir ulanyjy profili üçin aýratyn QR-koduň, şeýle hem degişlilikde özünde gurnalan QR-kod skaneriniň bolamgydyr. Şol mynasybetli Hytaýda bu hyzmatyň müşderilerinde olary gündelik durmuşynda ulanmak endigi peýda boldy. Häzirki wagtda WeChat hyzmaty diňe bir messenjer bolamak bilen çäklenmän, eýsem özünde töleg platformasyny, jemgyýetçilik ulgamyny, oýunlary we hyzmatlary işläp taýýarlamak hem-de öňe sürmek üçin bir bitewi ykdysady ulgamdyr. Hytaýdaky elektron söwdanyň bazardaky ornuny göz öňünde tutsak, onda QR-kod guramalar üçin marketing boýunça kuwwatly gurallaryň biridir. 2012-nji ýylyň ortalarynda her bir brendiň köpçülige niýetlenen şahsy QR-kodly internet sahypasy peýda boldy.

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň söwda dükanlarynda harytlaryň we hyzatlaryň tölegini nagt pul serişdeleri ýa-da bank kartlary arkaly amala aşyrmagyň ýerine, alyjylar QR-kodlary arkaly suratyny alyp, amalyň ýerine ýetirilmegini ykjam telefonyň kömegi bilen tassyklap bilýärler.

QR-kod hyzmatynyň ýeňilligi sebäpli, ol töleg terminallary bolmadyk bölekleýin söwdany alyp barýan satyjylaryň we köçe söwdagärleriniň arasynda meşhurlyga eýedir. Hytaýyň iri şäherleriniň köpüsinde gündelik hyzmatlarynyň tölegleri, şol sanda köpçülige niýetlenen ulaglardan peýdalanmak, jemagat ýa-da lukmançylyk hyzmatlary üçin tölegleri QR-kod arkaly tölemek mümkünçiligi döredilen.

QR-kod hyzmaty Hindistanyň bank ulgamynda hem aýratyn meşhurlyga eýe boldy. 2016-njy ýylda Hindistanyň Milli Töleg Korporasiýasy (NPCI) tölegleri we geçirimleri IMPS (Immediate Payment Service) çalt tölegler ulgamyny ulanmak arkaly geçirmekligiň amatlygyny ýokarlandyrmak üçin özüniň BHIM (Bharat Interface for Money) şahsy ykjam programma üpjünçiligini dolanşyga goýberdi hem-de ýurduň ähli banklarynda ornaşdyryldy.

ABŞ-da hem QR-kodlarynyň kömegi bilen tölegleri amala aşyrmak mümkinçiligi çaltlyk bilen ýaýrady. QR-koduň üsti bilen töleg amala aşyrmaklyk ilkibaşda ABŞ-da giňden ýaýramadyk hem bolsa, Alipay we WeChat mobil gapjyklardan garaşly bolan syyahatçylaryň Hytaý döwletinden köp gelmegi, QR töleglerini kabul etmekde uly üstünlik we işjeňlik gazanyp boljakdygyny kompaniýalara görkezdi. Bu bolsa, Walmart kompaniýasy tarapyndan öňden bar bolan Walmart Pay ykjam programma üpjünçiligi arkaly tölegleri geçirmäge oňaýly şert döretdi.

Bu tehnologiýanyň girizilmegi mynasybetli ABŞ-nyň supermarketler ulgamynyň kassalarynda alyjylar QR-kody skaner etmek arkaly nagt däl görnüşli tölegleri dessine amala aşyryp bilýärler. ABŞ-da ilkinji gezek hyzmaty SCVNGR (onuň çözgüdi 14 müň söwda nokadynda ulanylýar) we PayPal kompaniýalary tarapyndan halk köpçüligine ýetirildi. Umumy dolanyşygy 1 trln. ABŞ-nyň dollaryndan geçýän bölekleýin söwda boýunça iri kärhanalaryň konsorsiumy bu işi alyp barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky “Rysgal” PTB bilen bilelikde ýurdumyzda dessin tassyklanylýan kodly töleg ulgamyny girizmeklige gönükdirilen işler geçirýär. QR-koduň hyzmatyny girizmekligiň netijesinde kämilleşdirilen bank hyzmatlarynyň elýeterligini üpjün etmeklige, kiçi telekeçiligiň wekilleriniň POS-terminallaryny satyn almaklyga we olara hyzmat etmeklige gönükdürilen çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Ýurduň töleg-hasaplaşyk ulgamy kämilleşdiriler, ilatyň maliýe sowatlygynyň derejesi artdyrylar, şeýle hem ýurdy sanly ykdysadyýete geçirmek bilen bagly çäreleri has-da işjeňleşdirmäge itergi berer. Ýurdumyzyň maliýe bazary üçin programma üpjünçiligini girizmeklik arkaly online-geçirmeleri we hasaplaşyklary günüň islendik wagtynda hakyky wagt tertibinde geçirmekligi üpjün eder. QR-koduň hyzmaty:

1. Satyn alnan harytlaryň we hyzmatlaryň töleglerini elektron usulda ýeňillikli geçirmek.

2. Şahsy taraplaryň arasynda geçirimleri amala aşyrmak.

3. Şahsy we edara görnüşli taraplaryň arasyndaky hasaplaşyklary amala aşyrmak (şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini tölemek, hasaplar boýunça töleg geçirmek, jemagat hojalygynyň töleglerini tölemek).

4. Tölegleriň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik.

Türkmenistanda QR-kod hyzmatyny ulanmak arkaly dessin hasaplaşyk ulgamynyň girizilmegi ýurtda täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmeklige, milli ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaklyga has giň mümkinçilik berer, şeýle hem bank müşderileriniň wagtyny we pul serişdeleriniň tygşytlamaga ýardam berer.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda çäksiz tagalla edýän Hormatly Prezidentimize köp sag-bolsun aýdýarys!

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy N.Hudaýkuliýewa