
17-nji oktýabrda Samarkantda GDA agza ýurtlaryň howpsuzlyk we aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Duşuşykda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri gözden geçirildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary GDA ýurtlarynyň durnukly we progressiw ösüşi üçin howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler.
Mejlisden soňra bar bolan özara täsir mehanizmini has-da kämilleşdirmegiň, döwlet bähbitlerini goramak we GDA ýurtlarynyň howpsuzlygyny daşarky ýaramaz täsirlerden goramak üçin hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we ugurlaryny giňeltmegiň zerurdygyny tassyklaýan Ähtnama gol çekildi.