
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda Kuweýt Döwletiniň Emiriniň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurduň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli öňe sürülýän türkmen-kuweýt döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän dostlukly türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.
***
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kuweýt Döwletiniň Aşgabatda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-kuweýt gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi bellenilip, köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde taraplaryň başlangyçlaryny özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge bolan meýiller tassyklanyldy.
Katar Döwletiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyryndaiIlçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Kuweýt Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.