
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Iş maslahatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki wagtda ýurduň ylmy-barlag, däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň barşynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hem-de beýleki degişli ýolbaşçylar ekarançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ekinleriň seçgiçilik, tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini hem-de şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini belledi. Alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi hem-de iş maslahatyny jemledi.