• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň talyp toparlary «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar

    Fewral.07.2024

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplar toparlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralýan «CyberQuest» hakatonyna gatnaşmaga çagyrylýar. IT-bäsleşik institutda 18-19-njy martda geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Bäsleşige ýurduň her ýokary we orta hünär okuw mekdebinden sanly tehnologiýalar ulgamynda bilimleri hem-de başarnyklary bolan, sanly pikirlenmä ukyply we häzirki zaman sanly giňişligiň şertlerinden erkin baş çykaryp bilýän üç gatnaşyjydan ybarat bir topar gatnaşyp biler.

Gatnaşmak üçin çäräniň guramaçylyk toparyna 1-nji martdan öň tdbgi.hakaton@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly arzany ýollamalydyr.

Çeşme: TurkmenPortal