• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy" ýyly

    Fewral.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde taryha çykyş etdi. Bu taryhy çykyşyň dowamynda gündogaryň beyik akyldary türkmenistanyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek barada karara gol çekdi. Bu taryhy karar bolsa, dünýä jemgyýetçiler tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Has takygy BMG-synyň ylym-bilm, medeniýet meseleleri baradaky abraýly guramany ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllarda alyp barjak iş meýilnamasynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaralary bilen bilelikde alyp barmak baradaky karary bu gün biziň ata Watanymyzda durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan eserleriniň ählisiniň içinden Magtymguly Pyragynyň goşgy setirleri eriş argaç bolup geçýär. Has hem Gahryman Arkadagymyzyň Pähim Paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgusy bagşylarymyzyň dilinde belentden belent ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň mejlisiniň karary 2024-nji ýyly Pähim Paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýip atlandyrylmagy Türkmen halkymyzyň begenjini goşalandyrdy. Çünki Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry, ömürleriň şahyry, dünýä halklarynyň şahyrydyr. Şu pursatdan peýdalanyp türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkyny Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Taýýarlan: Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy G.Atamyradowa