• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
"RŽD-niň" wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler

    Fewral.02.2024

31-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda wekiliýet portuň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşdy. "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň saýtynyň habar bermegine görä, myhmanlar deňiz portunyň terminallarynyň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Demirýollary” AGPJ-niň we «Türkmenistanyň Ulag Logistika merkezi» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky logistika mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderileri üçin ýurdumyz tarapyndan döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi. Myhmanlar Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda “Bereket” we “Ak ýaýla” demir ýol stansiýalaryna hem baryp görerler.

Çeşme: tmcars