• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda 3 sany halkara olimpiada geçiriler

    Fewral.03.2024

2-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalaryna, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda halkara bäsleşiklerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde olimpiadalara gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerine çakylyk hatlary ugradyldy. Degişli bilim ojaklarynyň resmi web sahypalarynda bäsleşikleriň bildirişleri, düzgünnamalary ýerleşdirilip, gatnaşmak isleýän zehinli ýaşlary hasaba almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligindäki abraýyny dabaralandyrjak we halkara hyzmatdaşlygyna täze depgin berjek bu halkara aň-paýhas bäsleşikleriniň ýeňijilerine dürli derejeli medallar, diplomlar gowşurylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyza saparlarynyň çäklerinde döwrebap bilim almaga döredilen şertler bilen tanyşdyrylmagy, Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleriniň guralmagy göz öňünde tutulýar.