• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Abatdan daşary ýagdaýlarda guramaçylykly göçüriş çäreleri.

    Oktýabr.23.2025

Häzirki zaman urşy örän tehniki gyryş serişdelerini ulanmak bilen bolup biler. Ol ýaraglar örän ýokary takykly we ýykyp-ýumuryjylyk güýji hem-de köp territoriýa edýän täsiri, zäherleýşi, weýran etmek, ýakyp ýandyrmak, radiaktiw we beýleki häsiýetleri bilen tapawutlandyrmak.
Parahatçylyk wagtynda adamzat tebigy betbagtçylyklardan köp zyýan çekýär. Ýer titremesi, suw joşmagy, sil gelmegi, ýerleriň cökmegi, güýçli ýerller we harasatlar, gurakçylyk, köp ýagyn ýgmagy we beýlekiler adamlaryň heläk bolmagyna getirýärler. Ýangyn, önümçilik awariýalary, AES-da bolan katastrofalar, demir ýol, howa we suw ulagynda we beýleki ýagdaýlarda bolup geçýän howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna belli bir derejede adamlaryň özleri sebäpkärdir. Şeýle ýagdaýlar ýuze çykanda ilaty halas etmekligi, ilkinji medesina kömegini bermekligi her bir adam başarmalydyr.

Halas ediş we gaýragoýulmasyz işleriň edilmeginiň esaslary

a) Ýadro, himiki, bakteriologiki we beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglary ulanylýan halatynda ilaty halas etmek we beýleki gaýragoýulmasyz awariýa dikeldiş işleri şu maksatlar bilen geçirilýär:
1.Adamlaryň halas etmek we heläk bolanlara zerur kömekleri bermek.
2.Awariýanyň ýaýramagyna garşy göreş we halas etmek işlerine päsgelçilikleri aradan aýyrmak.
3.Gaýrogoýulmasyz işlerigeçirmeklige zerur şertleri döretmek.

Haýytjumaýewa Şeker