• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
“Elektron pul. Kriptowalýuta (Bitcoin). Webmoney. Blockchain tehnologiýasy”

    Oktýabr.30.2025

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebimizde her ýyl dürli ugurlardan müňläp hünärmenleri ýetişdirýäris. Talyplara döwrebap bilim bermekde dürli işleri amala aşyrýarys. Ynha, bu gün hem men 30.10.2025-nji ýylda 203-nji okuw topary: “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit ” hünäriniň talyplary bilen “Sanly ykdysadyýet” dersinden “Elektron pul. Kriptowalýuta (Bitcoin). Webmoney. Blockchain tehnologiýasy” diyen temada umumy sapak geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron hökümet ulgamyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy.


«Digital Economy» adalgasy 2016-njy ýylda Kankunda (Meksika) ösen döwletleriň 40-synyň ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda «Sanly ykdysadyýet: innowasiýalar, ösüş we durmuş abadançylygy» (www.oecd.org) jarnamasy kabul edilenden soň has giňden ýaýrady.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy 1995-nji ýylda Massaçusets tehnologik institutynyň ABŞ-nyň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylyp başlamagy, ikinji nesliň maglumatlaşmak prosesiniň başlamagy netijesinde ulanylyp ugraldy.

Sanly ykdysadyýet (digital economy, elektron ykdysadyýet adalgasy hem ulanylýar) – sanly tehnologiýalara esaslanan ykdysady işdir. Bu ýerde gürrüň diňe adaty maglumat tehnologiýalary (programmalary, maglumatlar bazalaryny dolandyryş ulgamlary, awtomatlaşdyrylan ulgamlar we ş.m.) ulanmak we işläp düzmek bilen bagly maglumat ykdysadyýeti barada däl-de, eýsem elektron harytlar we hyzmatlar, elektron söwda, elektron pullary we kriptowalýutalary, ýörite Internet hyzmatlary, şol sanda durmuş (sosial) torlary, zatlaryň Internetini – IoT, uly maglumatlary – Big Data, maglumatlary bulutlaýyn tehnologiýalaryň esasynda saklamagy ulanmak barada gidýär.

Sanly ykdysadyýet asyry döwründe maglumatlary saklamak we geçirmek meselesi esasy meseleleriň biri bolup durýar. Alymlaryň köpüsi tehnologiýalaryň şu günki ösüş tapgyrynda blokçeýn (iňl. Blockchain) şeýle mehanizm bolup çykyş edýär diýip hasap edýärler.

Blokçeýn tehnologiýasy – bu düzülýän tranzaksiýa bloklaryndan we bellibir düzgünler boýunça emele gelýän zynjyrdyr. Bu zynjyrda dolandyrylyşyň merkezleşdirilmedik düzgüni amala aşyrylan, tranzaksiýalaryň werifikasiýasy üçin bolsa P2P (peer-to-peer) torlar, kodifikasiýa we kriptografiýa ulanylýar. Tranzaksiýalary programmirlenýän şertnamalaryň kömegi bilen dolandyryp bolýar.

Blokçeýn –(iňl. «block» – blok, «chain» – zynjyr)- bu şifrlemek hadysasyny geçiren we bloklara birleşdirilen, soňra çylşyrymly matematiki algoritmleriň kömegi bilen baglaşdyrylan hronologik zynjyra birikdirilen san ýazgylarynyň yzygiderligidir. Her bir indiki blok ondan öňkiniň yzynda durýar. Özi hem heşirlemek ady bilen belli bolan şifrlemek hadysasy bir torda işleýän dürli kompýuterleriň köpsanlysy arkaly amala aşyrylýar. Eger-de hasaplamalaryň netijesinde olaryň ählisi şol bir netijäni alýan bolsalar, onda blok ýeke-täk san signaturasy (gol) bilen üpjün edilýär. Reýestr täzelenende we täze blok döredilenden soň, ol eýýäm üýtgedilip bilinmeýär. Şeýlelikde, ony galp ýasap bolmaýar, oňa diňe täze ýazgylary goşup bolýar.

Bitcoin (₿) 2008-nji ýylda Satoshi Nakamoto adyny ulanan näbelli bir kişi ýa-da topar tarapyndan döredilen kripto pul birligidir. Bitcoin, merkezi banky ýa-da ýeke bir administrator bolmazdan, araçylar zerurlygy gerekmezden deň-duşlar arasyndaky bitcoin torunda ulanyjydan ulanyja iberilip bilinýän, merkezi bolmadyk sanly pul birligidir. Amallar, kriptografiýa arkaly tor düwümleri tarapyndan tassyklanýar we blok zynjyry diýip atlandyrylýan halka açyk depderde ýazdyrylýar. Bitcoinler, gazyp almak diýilýän prosesiň baýragy hökmünde döredilýär. Beýleki pul birlikleri, önümler we hyzmatlar bilen çalşyrylyp bilinýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlara döwrebap bilim almaklary hem-de ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmeklik üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Nasiba Hudaýkuliýewa