• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Kitaphana – ylym bilimleriň hazynasy.

    Fewral.20.2026

Ylym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol hem kitaplardyr, ylmyň gymmatly çeşmesidir. Şonuň üçindir, ylym-bilim ojagynyň esasy binýady hem kitaphanalarda jemlenýär.

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanasynyň taryhy onuň açylan gününden başlanýar. Kitaphananyň okuw otaglary bilen bir hatarda ýerleşmegi gerekli çeşmelerden peýdalanmakda esasy amatlylygyň biridir. Kitaphananyň umumy okalga zalynda talyplar özlerine gerekli kitaplar hakynda maglumat alýarlar, kompýuterlerden we neşirleriň elektron nusgalyklaryndan, orta hünär okuw mekdebinde döredilen içerki tordan we internetden peýdalanyp bilýärler. Kitaphananyň döwürleýin neşirler bölümçesinde metbugat neşirleri täzeligi bilen okyjylara ýetirilýär. Taryhyň dürli döwürlerine degişli neşirler bilen tanşyp, okyjylar milli neşirýat senagatynyň ösüşi we mazmuny hakynda düşünjeleri baýlaşdyrýarlar.

Kitaphananyň iş gerimini has ýaýbaňlandyrmak maksady bilen neşirleriň elektron nusgalygyny döretmek işi dowam edýär. Kitaphananyň işgärleri täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşdyryş çärelerine işjeň gatnaşýarlar.

Mekdebiň kitaphanaçysy M.Ş.Baýbulatowa