• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnalan çäreler we welosipedli ýörişler.

Her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirildi. Ine, şu gün hem ir säher bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berildi. Bu çärä ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň biri bolan Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Aprel aýynyň güneşli, ýakymly säheri, arassa salkyn howa, ýaşyl begrese bezelen tebigatyň gözel görnüşi, welosipedçileriň ruhuny has-da belende göterdi. Köpçülikleýin welopsipedli ýörişiň geçýän ýoluň ugrunda döredijilik toparlaryň çykyşlary boldy.

Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportuň dürli görnüşleri, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar, türgenlerimiziň çykyşlary gurnaldy.Ýurdumyzda gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy bolsa has-da belende galýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar geljegimiziň, şeýle-de jemgyýetimiziň sagdynlygynyň kepilidir.