• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň H.Hajyýew geňeşliginiň ýol ugrunda ýerleşýän meýdançada Ählihalk bag ekmek boýunça geçirilen ýowara gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Güýz paslynyň gelmegi bilen paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Güýzki bag ekiliş möwsümine badalga berilip, ýaş nahallary oturtmak işleri giň gerime eýe bolýar. 2023-nj ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” Ýurdymyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna ýetirýär, daşky gurşawuň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda Güýz paslynyň ilkinji günlerinde bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede-hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhynda geçirmek däbe öwrülýär. Ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekmegi däbe öwrülen ekologiýa tutumlarynyň nobatdaky beýany boldy. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, mekdebimiziň mugallymlary, işgärleri, talyplary 2023-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirilen ählihalk ýowarynda 600 sany bag nahallary ekilip olar bilen bir hatarda beýleki saýaly, pürli, miweli agaçlar bilen bir hatarda üzüm,erik nahallary hem oturdylar. Olaryň öňden bar bolanlaryna ideg ediler. Munuň özi ýurdymyzyň bagy-bossanlyklarynyň hataryny artdyryp, pasyllaryň soltany ýaz paslymyzyň gözelligine gözellik goşar. Bu haýyrly we sogaply işe mekdebiň işgärleri, mugallymlary, talyplary işjeň agzalary bolup uly taýýarlyk görüldi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň hem rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.