• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy!

Şu gün Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçildi. Garaşsyzlyga ýetmek, berkerar döwlet gurmak asyrlarboýy halkymyzyň arzuw-islegi bolup geldi. Taryhyň dürli öwrümlerinde, juda jepaly döwürlerinde muňa ýetmek, erkli-ygtybarly, deňli-derejeli bolmak, milletlik mertebäňi doly ykrar etdirmek baradaky umyt gyldan inçe bolan-da bolsa, barybyr, ol üzülmändi. Ata-babalary beýik siwilizasiýalary döredip, adamzat ösüşlerine tizlik beren, uly-uly döwletleri guran halkyň akylly, düşünjeli, dana nesilleri geçen asyrlarda berkarar döwletliligi hyýalynda döredipdi, pikirinde göz öňüne getiripdi. Hernäçe kynçylykly bolsa-da, öz erk ygtyýary, özbaşdaklygy ugrunda göreşipdi. Hawa, şeýle – umytlar inçelipdi, inçelipdi, emma üzülmändi. Ol hatda ýöne byr arzuw-umyt hem bolman, gizlin syr ýaly, kalplaryň çuňunda, ynama öwrülip, mydama halkyň baş maksady bolup ýaşaýardy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda il-ulsumyz yhlasly, tutanýerli zähmeti, syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanýan üstülikleri bilen Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny garşylaýar. Bagtyýar durmuşymyz öwüşginler bilen bezelýär. Ösüşlerimiz dowamly bolup, taryhy senenamamyza müdimilik ýazylýar. Muny döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar subut edýär. Döwrümizi bagtyýarlyga öwren, ýyllarymyzy rowaçlyklara besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri mundanam beýläk rowaç bolsun!