• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolan mugallymyň ýürek buýsanjy

Men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Baýram Aganazarowiç Hemraýew. Bu gün meniň üçin iň bir ýatdan çykmajak şatlykly, bagytly günleriň biri. Maňa şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli döwlet sylagy gowşuryldy, muňa meniň begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Bu bolsa meni täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Biziň ýurdumyzda okamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge, ýaşamaga giň mümkinçilikler döredilen. Munuň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber ýadawsyz aladalary ýatyr. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we mähriban Türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. Sag boluň!