• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Kino baýramçylygy — halklary ýakynlaşdyrýan köpri

Türkmenistanyň innowasion şäherinde “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi

Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy.

Dabaraly pursat — halkara kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy başlanýar. Şunlukda, Gazagystanyň “Gopuz”, Täjigistanyň “Sary çeşme”, Türkmenistanyň “Toý köýnek”, “Umyt”, “Nesibe”, Özbegistanyň “Üzüm”, “Meniň arzuwym Özbegistan”, Gyrgyzystanyň “Umut”, “Öz kakasynyň ogly”, “Poçtaçy” filmleri, şeýle hem “TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň “Bozdag Group” kompaniýasy, Russiýanyň “Ahalteke” atly filmi diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy.

Çeşme: Türkmenistan gazeti