• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Rowaýatlar ummanyndan ýagşylyk

Gadym wagtlarda bir sany är-aýal bolupdyr. Olar ýüň egrip, ony-muny dokamak bilen meşgullanypdyrlar. Dokan el işlerini bazara çykaryp satyp,şonuň bilen güzeranyny dolaýar ekenler.

Günleriň birinde maşgalabaşy söwdasy oňup, öýüne gaýdyp gelýärkä, ýoluňugrunda iki sany dawalaşyp duran adama gabat gelýär. Olaryň ýanyna baryp, dawalarynyň sebäbini soraýar. Şonda dawagärler bir dirhemiň üstünde sözleriniň alşandygyny aýdýarlar. Ol adam söwdadan gazanan bir dirhemini hem olara berip, öýüne boş gaýdýar.

Bu bolan wakany aýalyna gürrüň berýär. Aýaly adamsynyň eden işini makul bilýär. Adamsy ertesi ýene bazara gidip, bir dirhem gazanýar. Barja gazanjyna hem balyk satyn alýar. Aýaly balykdan agşamlyk taýýarlajak bolanda, onuň içinden ullakan dür çykýar. Är-aýal begenip, düri zergäre hödürleýärler. Ol hem bu gymmat bahaly daşy olardan bir ýüz ýigrimi bäş dirheme satyn alýar.

Şol wagt olaryň gapysyndan bir gedaý dilegçilige gelýär. Öý eýesi düri satan pulunyň ýarysyny oňa berýär. Gedaý birki ädim ýöräp, yzyna dolanýar-da:

— Allatagala seni synap gördi. Seniň sahy, elaçyk adamdygyňa göz ýetirdi. Saňa ahyrýetde jennetiň garaşýandygyny hem meniň üstüm bilen saňa buşlady — diýip, elindäki puluny yzyna gaýtaryp berýär we gözden gaýyp bolýar.

Taraşlan Wepa Şageldiýew, Türkmenabadyň derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

9-njy noýabrda çap edilen Türkmen Gündogary gazetiniň 6-njy sahypasyndan göçürme