• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň-Beýik Ýüpek ýoly: häzirki zamany we geljekki ösüşi

Şu gün Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi, Demirýollar Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikdäki 26-njy noýabr Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli "Türkmenistanyň-Beýik Ýüpek ýoly: häzirki zamany we geljekki ösüşi" söhbetdeşligi geçirildi. Ýüpek ýoluny XXI asyrda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede täzeden ykdysady ýol derejesinde dikeldýär. Ulag logistika düzümi häzirki wagtda dünýä ykdysady giňişligine girmegiň iň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistan watanymyz hem soňky ýyllarda ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr logistika düzümini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!