• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Abdul Gani Baradar: TOPH taslamasy müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer

    Oktýabr.21.2025

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar 20-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge we müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de Abdul Gani Baradar owgan tarapynyň TOPH taslamasyna diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl-de, eýsem Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde garaýandygyny belledi.

Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagy hem-de dabara gatnaşyjylary owgan topragynda mübärekläp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahundyň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Abdul Gani Baradaryň nygtaýşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, demir ýol, awtomobil ýollary, logistika merkezleri ýaly degişli infrastrukturalar dörediler. Munuň özi sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we energetika hyzmatdaşlygynyň bitewi ulgamyny döreder.

«Owgan-türkmen gatnaşyklary dost-doganlyga, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar» diýip, Abdul Gani Baradar aýtdy we owgan tarapynyň adyndan Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.

Habaryň çeşmesi