
«The Gulf Observer» habarlar agentligi we «The Gulf Observer Research Forum» ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräni «The Gulf Observer» habarlar-seljeriş merkeziniň wekili Muhammad Ali Paşa alyp bardy.
«Tegelek stol» duşuşygyna BMG-niň Pakistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa, şeýle hem Pakistanyň ylmy-derňew merkezleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň tejribeli bilermenleri, habarçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.
Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dialogy ösdürmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli parahatçylykly syýasaty dowam etdirýändigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň soňky 30 ýylyň içinde geçen ösüş ýoly hem-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda geçirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.
«Tegelek stol» duşuşygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny hem-de ýurduň ählumumy parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmekdäki möhüm ornuny ýene-de bir gezek tassyklady.