
30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Serbiýa tarapyna Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýykdygy tassyklanyldy.
Söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksporty ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.