
Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň içeri işler ministri çykyş etdi. Çykyşda bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegiň, özara tejribe alyşmagyň we içerki howpsuzlygy üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de ministr M.Hydyrow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň alyp barýan işi barada gürrüň berdi.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri Eskander Momeni, Polisiýanyň serkerdebaşysy Ahmad Reza Radan, adalat ministri Amin Hoseýin Rahimi, Türkiýe Respublikasynyň içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu we YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han dagy bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, hususan-da, özara tejribe alyşmak, içerki we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.