
Ozal habar berşimiz ýaly, 21 — 24-nji oktýabrda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde geçirilen bu medeni çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet goňşy ýurtda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow tarapyndan kabul edildi. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet ministrligi özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň bu ugurda uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.