
Ýakynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlar we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy boýunça Departamentiniň Baş direktory Hasan Ali Zaigam bilen duşuşyk geçirdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady, energiýa, ulag we üstaşyr gatnawlary, şeýle hem medeni-ynsanperwer ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar sebitleýin wakalar hem-de olaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara täsiri barada pikir alyşdylar.
Soňra ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Diplomatic Insight» žurnalynyň ýörite sanynyň çap edilendigi barada mälim edip, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, oňyn bitaraplyk syýasaty hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ählumumy tagallalara goşýan goşantlarynyň beýan edilendigini belledi. Žurnal bilen ýakyndan tanyşmak we ony Pakistanyň gyzyklanma bildirýän hökümet we jemgyýetçilik edaralaryna paýlamak üçin ilçi žurnalyň birnäçe nusgasyny pakistan tarapyna gowşurdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, derejelerde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.