• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" atly ýylyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Ýanwar.15.2024

2024-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip ýylyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mekdebiň mugallymy Gülşat Babanazarowa: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji ýyla hem uly ruhubelentlik bilen gadam basýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr” diýip belläp geçdi.

Mekdebiň mugallymy Şeker Haýytjumaýewa : “Beýik akyldaryň “Berkarar döwlet istärin” diýip özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.

Türki medeniyetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeyle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniyet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Biz ýaşlara okamaga işlemage döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynymyzy aýdýarys.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri hemmişe rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan Medeni çäreler guramaçysy: A.Babanazarowa