• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Ulag ulgamy ösüş ýolunda

Şu gün Türkmenabat şäherinäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Demirýollar Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikdäki gurnamagynda 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli Ulag ulgamy ösüş ýolunda atly amaly maslahat, aýdym sazly dabaraly çäresi geçirildi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň, howa deňiz derýa ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam etdirmek wajypdyr. Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýulan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!