• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk güýçlendirilýär

    Fewral.13.2024

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak baradaky meýilnamalary mälim etdi.

Ol bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy – Ynkylap gününiň 45 ýyllygy mynasybetli Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda guralan dabaraly kabul edişlikde gürrüň berdi.

Diplomatyň pikiriçe, Türkmenistan Eýranyň sebitdäki esasy hyzmatdaşlaryndan biridir. Ýurtlar özara söwdany işjeň ösdürýärler, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrýarlar, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler. Netijede iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 470 million amerikan dollaryna ýetdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Eýran bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn esasda ösýändigini belledi. Häzirki wagtda ýurtlar hökümetara toparyň çäginde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň üstünde işleýärler.

Çeşme: TurkmenPortal