• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Deňiz» myhmanhanasy rahat dynç alşy we ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär

    Fewral.14.2024

«Deňiz» myhmanhanasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlara rahat dynç alyş we ýokary hilli hyzmatlar hödürlenýär. Otaglarda ýokary tizlikli Wi-Fi, emeli hemra teleýaýlymlary, kondisioner, seýf gutusy we kiçi sowadyjy göz öňünde tutulandyr. Deslapky haýyşnama boýunça bu ýerde 5 kg çenli öý haýwanlaryny saklap bolýar.

Penjirelerden deňiz görnüşi açylýar. Ýagty we amatly otaglar rahat gurşawy bilen myhmanlaryň göwnünden turar. Panoramik penjirelerden Günüň ýaşýan wagty owadan şapagy we Günüň dogýan wagtyndaky özüne çekiji şöhleleri synlamak mümkindir. Otaglar bir adamdan dört adama çenli niýetlenendir.

Şeýle hem myhmanlara SPA, dürli hilli bejergiler we massaž hyzmatlary hödürlenýär. Bu ýerde oýun zolagy, şeýle-de bouling, bilýard meýdançalaryny, 3D kinoteatry, «XBOX» we «Sony PlayStation» oýun enjamlaryny, çagalar üçin oýun awtomatlaryny, stol tennisini, aerohokkeý we el futboly enjamlaryny öz içine alýan güýmenje toplumy hem bar.

Myhmanhananyň çäginde myhmanlaryň dürli görnüşli we özboluşly tagamlary sargyt etmekleri üçin restoran hereket edýär. Restoranda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary hödürlenýär. Birinji gatda lobbi bar ýerleşýär, onuň menýusynda tagamlar, kofe we bu ýerde taýýarlanýan süýjülikler göz öňünde tutulandyr.

Restoranyň iş tertibi:

*Ertirlik: 8:00-dan 10:00-a çenli; (otagyň bahasyna goşulýar)

*Günortanlyk: 12: 00-dan 14:00-a çenli;

*Agşamlyk: 18:00-dan 20:00-a çenli. (Şwed stoly, ulular üçin 60 manat, çagalar (5 ýaşdan 10 ýaşa çenli) üçin 30 manat).

Gepleşikleri ýa-da beýleki çäreleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 we 20 adamlyk mejlisler otagy göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem myhmanhananyň golaýynda dükanlar, kafeler we dynç alyş zolaklary bardyr. Iň ýakymly tarapy bolsa – deňiz kenary myhmanhanyň golaýynda ýerleşmegidir. Howa menzili bilen aralyk 22 km, ýagny ulagda, takmynan, 15-20 minut wagt alar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800(243) 5-75-01; 5-75-02; 5-75-03.

E-mail: denizavaza@gmail.com

Faks: 5-76-41

Web:www.deniz.com.tm

Çeşme: "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi