• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
“Raýatlaryň goragy biziň baş ýörelgämizdir”.

Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ähli ulgamlarda alnyp barylýan işler raýatlarymyzyň asuda durmuşda parahat ýaşamaklygyna gönükdirilildi. Ynha, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 10-da Ýurdumyzyň bilim berýän ojaklarynyň biri bolan Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde mugallym Serdar Makgyýewiň ýolbasçylygynda “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak” hünär ugry boýunça 1-nji we 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda “Raýatlaryň goragy biziň baş ýörelgämizdir” atly hepdelige badalga berildi. Bu hepdeligiň dowamynda amaly okuw sapagynyň geçirilmekligi mekdebimiziň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň ünsüni özüne çekdi. Aýratynda 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 11-de geçirilen amaly sapak örän täsirli geçdi.

Munda Türkmenabat şäheriniň ýangyn toparynyň, ot söndüriji enjamlarynyň we tehnikalarynyň, Raýat goranyş we halas ediş işleriniň müdirliginiň halas ediji işgärleriniň, halas ediş enjamlarynyň, gözläp tapyjy ýörite itleriniň, döwrebaplaşdyrlan halas ediş tehnikalarynyň, suwasty halas ediş lybaslarynyň we ekipirowkalarynyň hem-de şäherimiziň Tiz kömek lukmançylyk gullugynyň lukmanlarynyň görkezme okuwlary guraldy. Bu bolsa talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da “Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak” hünäriniň talyplarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan goranmak üçin niýetlenilen gaza garşy serişdäniň, respiratoryň görnüşleriniň, umumygoşun goranyş toplumynyň, ýagny derini goramak örtüginiň, gan basyşynyň ölçegini we süýjülik derjesini kesgitleýän enjamlarynyň, ilkinji lukmançylyk kömegini bermekliginiň enjamlaryny we derman serişdelerini, aragatnaşyk serişdeler toplumynyň, howadaky zäherlenme derejesiniň ölçegini kesgitleýän enjamlarynyň, ýangyn söndürýän serişdeleriniň we ýangyn söndürji ulagyň taktiki-tehniki häsiýetnamalaryny öwretmek üçin ýörite we aýratyn okuw nokatlary gurnaldy. Şu sapagymyza gatnaşan we kömek eden myhmanlarmyza köp sagbolsun aýdyp, minetdarlygmyzy bildirýäris.