• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
Türkmen milli “Bedew” baýramyny belleýär.

Ahalteke bedewiniň taryhy, gözelligi, ajaýyp häsiýetleri barada örän köp zatlar ýazyldy we aýdyldy şol sanda baýramçylyklara beslenip bellenip geçildi. Köp sanly neşirleri, ylmy işleri, edebi, şekillendiriş sungaty eserlerini, filmleri döredenler bu ajaýyp atlara çäksiz haýran galmalaryny öz dünýä garaýyşlary esasynda beýan etdiler. Göräýmäne şolaryň üstüne indi hiç zat goşup bolmajak ýaly görünýär. Emma gadymy türkmen topragyna – ahalteke bedewleriniň taryhy watanyna täze döwürde gelen “Behişdi bedewlere” bolan görlüp-eşidilmedik gyzyklanma täze güýç bilen - diňe türkmen topragynda dälde eýsem, bütin dünýä ýüzüne galkyndy. Munuň özi hut Hormatly Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda, şahsy göreldesi esasynda Türkmenistanda milli atçylyk däplerini galkyndyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohum häsiýetlerini, neslini saklamak we gowulandyrmak boýunça tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler netijesinde amala aşyrylýar. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işleriň nukdaýnazaryndan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze atçylyk sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Bedew baýramanyň ýetip gelmegi bilen Türkmenabat şaherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem birnäçe medeni çäreler, sergiler we bäsleşikler gurnaldy. Şeýle täsirli çäreleriň biride Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda uly hyjuw höwes bilen hünär alýan “Köp kanally telekommunikasiýa ulgamalary” hünäri boýunça 2-nji ýyl talyplaryň bu günki “Lebap atçylyk sport toplumynda” eden gezelençleri boldy. Gezelenç wagtynda täsir galdyran esasy wakalaryň biri hem bu “Behişdi bedewlerimize” edilýän uly aladalar dünýäniň ähli ülňine laýyk gelýän talaplaryň ýerleşdirilendigi, şol sanda hem Ahalteke bedewleriniň ýerine ýetirýän çykyşlary olaryň gözelligi hemde ýyndamlygy talyp ýaşlarymyzyň ýadyndan çykmajak täsir galdyrdy.

Bu pursatdan peýdalanyp biz türken halkymyza, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” döwründe türkmen halkynyň ýaş nesilleri üçin edýän atalyk aladalary üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza minnetdarlyk bildirýäris.