• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
"Açyk gapylar güni"

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 10-njy maýyndan 17-nji maý aralygynda “Açyk gapylar” günleri geçiriljek. “Açyk gapylar” gününiň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda sagat 9:00-da geçiriler. Oňa 2023-2024-nji orta hünär okuw mekdebine girmek isleýän ýaş raýatlary – başlangyç hünär mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gulluk geçýänleri, pudaklarda işleýänleri we orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlary 2023-nji ýylyň 10-njy maýyndan 17-nji maý aralygynda geçiriljek “Açyk gapylar” günlerine çagyrýarys.

Okuw mekdebiň myhmanlary üçin “Açyk gapylar” gününde Hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirimegi hem-de ylym we bilim pudagyndaky özgertmeler barada gürrüň beriler. Okuw mekdebiň wekilleri çärä gatnaşyjylara okuw jaýymyzda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary barada gürrüň bererler we olaryň soraglaryna jogap bererler. Myhmanlar bilen okuw binalaryna, okuw otaglaryna, kompýuter we interaktiw okuw otaglaryna, sport meýdançalaryna we döredijilik ussahanalaryna, kitaphana, umumy ýaşaýyş jaýyna, naharhana gezelenç gurnalar.

Açyk gapylar” günümiz Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär. Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheri, Gurbansoltan eje köçesiniň 21-nji jaýy. Tel: 7-44-52; 3-63-63.