• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
“El hünäriň ýörelge, ulus - ile görelde" atly hünär bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz barha özgerýär, ösýär. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmeniň milli mirasyny, el işleri we senetçilik bilen meşgullanmak barada ündäp durýar. Gelin-gyzlarymyzyň her bir milli senetlerine buýsanyp, olaryň kämilleşmekleri, milli mirasymyzy gorap saklamaklary üçin uly aladalar edýär.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-daa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “El hünäriň ýörelge, ulus – ile görelde” atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň “Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gözel Matdyýewa gatnaşyp özüniň ukyp başarnygy bilen III orna mynasyp bolmaklygy başardy.

Bu bäsleşigiň şerti boýunça, her bir talyp gyzlar saýlap alan hünärini wasp edýärler, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek, gelin-gyzlara mahsus bolan halk döredijiliginiň şahyrana eserlerini çeper beýan etmek bolup durýar. Talyp gyzlar milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn sarpalanylýan döwründe milli çeperçilik senedimiz bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny, oýlap tapan nagyşlaryny milli mirasyň üsti bilen wasp edip, döwrebap eserleri bilen çykyş etdiler. Ýaş talyp gyzlara hünär bäsleşiginiň jeminde Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan hormat hatlary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlikler sowgatlary gowşuryldy.

Şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!