• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • deryachylyk_14@sanly.tm
YKDYSADY GATNAŞYKLARY ILERLETMEKDE GIŇ MÜMKINÇILIKLER.

18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023» XIV halkara ykdysady forumy dürli döwletlerden wekilleri bir ýere jemlemek bilen, özara pikirdir tejribe alyşmagyň, ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Dünýä döwletleriniň 84-sinden 15 müňe golaý wekiliň gatnaşmagynda ýokary derejede guralan foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary esasynda şu ýyl federal derejesi berlen ykdysady ugurly bu çäre «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda guralyp, daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, iri ulag-logistika kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, köp sanly diplomatlarydyr bilermenleri bir meýdançanyň başynda jemledi. Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan hem soňky ýyllarda bu forumyň işine işjeň gatnaşýar.

On dördünji gezek geçirilen Kazan forumynyň maksatnamasy dürli mazmunly çäreleriň giň toplumyny öz içine aldy. Hususan-da, 18-nji maýda forumyň hem-de halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergi, şeýle-de ulag-infrastruktura taslamalarynyň sergisi, «Russia Halal Market» ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Halkarade rejeli bu gözden geçirilişiň çäklerinde ýerli önümlerden ybarat bolan Türkmenistanyň diwarlygy hem gurnaldy. Şol gün türkmen wekiliýeti «Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlisiň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew öz çykyşynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, biziň ýurdumyzyň ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi bolsa bu ulgamyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýükleri daşamakda wajyp halka bolan Türkmenistan — Gazagystan — Eýran trans milli polat ýolunyň işe girizilmegi netijesinde, üstaşyr akymlaryň logistikasynda biziň ýurdumyzyň mümkinçilikleri has-da özüne çekýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Türkmenistanyň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmagy bilen bagly işler alnyp barylýar. Ýeri gelende, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň biridigini aýratyn bellemek gerek. Hazar deňziniň üsti bilen ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak maksady bilen, şu ýylyň başynda Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda meýiller hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa bu ugurdaky işleriň hukuk binýadyny berkitdi. Geljekde bu merkeziň ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmaga möhüm itergi berjekdigi şübhesizdir.

Umuman, Kazanda yzygiderli geçirilýän ykdysady forumlar Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňden hem-de netijeli peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagyň öz boluşly meýdançasyna öwrüldi. Şu günlerde üstünlikli geçirilen nobatdaky forumyň «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary bolsa birek-biregi hormatlamak, milli bähbitleridir ileri tutulýan ugurlary utgaşdyrmak arkaly bu meýdançanyň işiniň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ynamy artdyrýar. Çünki hut ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri sebitleýin derejede-de, ählumumy derejede-de parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň berkarar edilmeginiň wajyp şertidir.

Çeşme:”Türkmenistan” gazeti .