• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Altyn güýzüň ilkinji baýramçylyk güni

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ajaýyp baýramçylyk – Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde ilkinji jaňlar kakylyp, täze okuw ýylyna gadam basyldy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem täze okuw ýylynyň ilkinji güni mynasybetli dabaralar guralyp, täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.Şeýle ajaýyp günde ýene bir bellemeli zadymyz täze taryhy döwrümizde bilimler baýramy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary,ýurdumyzyň dürli künjeklerinde onlarça çagalar baglarydyr orta mekdepler dabaraly açyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbi tutuldy. Ähli derejedäki bilim edaralarynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly şygar bilen dabaraly baýramçylyk nyzamy hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine bagyşlanan ilkinji okuw sapaklary geçirildi.

Şeýle baýramçylyk nyzamlarynyň biri hem Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň okuw binasynda geçirildi. Dabaraly nyzama mekdebiň talyp ýaşlary mugallymlary we myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okaldy.Soňra myhmanlar talyp ýaşlary, mugallymlary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap olara okuwynda üstünlikleri arzuw etdi.Soňra talyplaryň çykyş etmeginde tanslar bilen dabaraly nyzam geçirilip 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakyldy.

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!