• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

    Oktýabr.21.2025

Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Samarkant şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goranmak ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada «UzA» özbek saýty habar berýär.

20-nji oktýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň goranmak ministrleri sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy meselelerini, harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, şeýle hem halkara terrorizme garşy bilelikdäki göreş çärelerini maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar degişli Teswirnama gol çekdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň goranmak ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirdi.

Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soňra, wekiliýetler üçin Samarkantyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç guraldy.

Habaryň çeşmesi