• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
2024-nji ýylyň 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Mertler Watany Beýgeldýär” atly wagyz-nesihat çäresi

    Ýanwar.27.2024

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi – her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Diýarymyz üçin Watany goramak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek iňňän wajyp wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz: “Özüne hormat goýýan islendik döwlet özüni goramagy başarmaga borçludyr. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň niýetlenişi hem şundan ybaratdyr” diýip, jaýdar belläp geçýär. Bu gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri öz asmanyny, öz topragyny, öz serhedini gözüniň göreji ýaly goraýar. Watan mertebesi ähli belentliklerden ýokarydyr. Onuň goragy bolsa ata-baba mukaddeslik saýylypdyr. Ata Watany goramak türkmen ýigidine diňe bir borç bolman, eýsem, ol her birimiziň perzentlik mertebämize mynasyp bolmagymyzdyr. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, olara harby we ýörite atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. Goý, Watanymyzy söýmekde nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan Medeni çäreler guramaçysy: A.Babanazarowa