Toý dabarasyna şäheriň il sylagly ýaşululary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Döwrebap binalaryň uzalyp gidýän hatarlarynyň öňündäki bezegli meýdançada şüweleňli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň dowamynda täze jaýlaryň açarlary gowşurylan polisiýa işgärleri we olaryň maşgala agzalary hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli aladalanýandyklary üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.Türkmenabat şäheriniň 6-njy gurluşyk materiallary etrapçasynyň 4-nji kwartalynyň çäginde ýörite polisiýa işgärleri üçin gurlan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň tutýan meýdany 2,16 gektara barabardyr. Alty otagly kottej jaýlaryň hersi bolsa 262, 31 inedördül metr meýdany eýeleýär. Giň we ýagty jaýlaryň 12-sini Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri», 12-sini Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanalarynyň, 11-sini «Demirbetonönümlerikonstruksiýasy» zawodynyň we galan 1-sini «Bagtyýar zamana» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler. Polisiýa işgärleriniň eşretli ýaşamaklary üçin bu jaýlarda ähli amatly şertler üpjün edildi. Kottej jaýlaryň ýanynda mellek ýerleri hem bölünip berildi. Polisiýa işgärleri özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin yzygiderli aladalanýan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, mundan beýläk hem mähriban Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň parahat durmuşynyň we zähmetiniň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar.
Çeşme: Türkmen gündogary gazeti