
T20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýa Respublikasynyň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki we geljekde mümkinçilikleri bar bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, iki ýurduň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäklerinde umumy işleri amal etmek boýunça, hususan-da, iki ýurduň halkara meýdançalarda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde mümkin bolan ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.